Welaýatda gowaça ekiljek meýdanlary sürmek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. 130 müň gektar ýeriň deň ýaryndan gowragynda tekizleýiş, 100 müň gektara golaý böleginde çil çekmek işleri tamamlandy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, sürlen ýerleri tekizlemek boýunça Saýat etrabynyň oba hojalykçylary has işjeňlik görkezýärler. Olar 16 müň 563 gektar ýeriň 13 müň gektaryna golaýynda tekizleýiş işlerini doly tamamladylar. Farap we Çärjew etraplarynyň oba hojalykçylary hem öňdäkileriň hatarynda. Welaýatda sürlen ýerleri tekizlemekde kuwwatly tehnikalaryň 150-den gowragyndan peýdalanylýar.
Welaýatda sürlüp, tekizlenilen ýerleriň çil çekilen bölegi 100 müň gektara golaýlady. Bu iş Köýtendag etrabynda doly tamamlandy. Kerki we Saýat etraplarynda hem çil çekmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Agrotehniki çäreler bilen birlikde welaýatda gowaça ekiljek meýdanlary ekişden öň dökünlemek işleri hem alnyp barylýar. Şu ýyl welaýatda gowaça ekiljek ýerlere kaliniň 5 müň 850, fosforyň bolsa 26 müň 800 tonnasyny bermek meýilleşdirilip, etraplar döküniň gerekli mukdary bilen öz wagtynda üpjün edildi. Şu güne çenli sebitde fosfor dökünlerini bermek işleri doly tamamlandy, kaliý bilen dökünlemek işleri hem tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.








