Täzelikler

Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işjeň häsiýete beslenen bu halkara ylmy maslahat baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Halkara ylmy maslahatda ýerli hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň we atşynaslaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatyna kuwwatly itergi berildi. Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýmak olaryň baş sanyny artdyrmak hem-de tohumçylyk işini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurtda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Atşynaslaryň ýaşaýyş durmuş derejesi we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar  döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
çeşme