Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurduň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alynan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, şeýle hem galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy hem-de düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.








