Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, ýurduň Ahal hem-de Balkan welaýatlarynyň gallaçy kärendeçileri bereketli bugdaý hasylyny öndürip, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Degişli şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýurtda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.
Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň doglan güni mynasybetli welaýatlaryň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini Arkadag şäheriniň döredilmeginiň 3 ýyllygy bilen gutladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.








