Awazada seçgiçilik we tohumçylyk işiniň möhüm meselelerine, şeýle hem oba hojalyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Foruma GDA agza döwletleriň ugurdaş edaralarynyň, obasenagat ylmy-barlag institutlarynyň we ugurdaş kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.
Ýokary hasylly ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ara alyp maslahatlaşmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak we oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak halkara maslahatyň esasy maksady boldy. Foruma gatnaşyjylar oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň esasy meýillerine seretdiler hem-de özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Maslahatyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda seçgiçilik-tohumçylyk ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşan tohum görnüşlerini döretmek üçin alymlaryň hem-de oba hojalykçylaryň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Pikir alyşmalaryň dowamynda oba hojalyk pudagynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda naýbaşy tohumçylygyň häzirki zaman orny we ähmiýeti bilen bagly meselelere hem garaldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki ylmy-barlag maksatnamalaryny giňeltmek we tejribelik tohum serişdelerini alyşmak mümkinçiliklerine garaldy. Maslahata gatnaşyjylar däneli ekinleriň tohumlaryny saklamagyň, gaýtadan işlemegiň we netijeli peýdalanmagyň öňdebaryjy usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hünärmenler tohumlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdiler.
Forumyň çäklerinde milli derejede seçgiçiligi we tohumçylygy kämilleşdirmegiň, şol sanda ylmy-önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ylmy-barlag institutlaryny ösdürmegiň esasy meselelerine-de seredildi.
Fitosanitariýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, karantin, ösümlikleri goramak we döwlet gözegçiligini güýçlendirmek meselelerine içgin garaldy. Maslahata gatnaşyjylar oba hojalyk önümlerini öndürmekde we daşamakda netijeli gorag çärelerini ulanmagyň ähmiýetini nygtadylar.
Söwda we önümçilik düzümleriniň wekilleri däneli we ýag alynýan ekinleriň tohum bazarynyň ýagdaýyny, olaryň eksport şertlerini, şeýle hem lomaý söwdanyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara haryt dolanyşygyny işjeňleşdirmäge ýardam berýän logistika zynjyrlaryna hem-de üpjünçilik şertlerine seljerme berildi. Tohumçylyk pudagynda döwlet-işewürlik hyzmatdaşlygyň innowasion usullary üns merkezinde boldy.
Mundan başga-da, mekgejöweniň gibrid tohumlarynyň hilini ýokarlandyrmak we däneçiligiň häzirki zaman tejribelerini ornaşdyrmak meselelerine seredildi. Foruma gatnaşyjylar bu ugurda iň gowy halkara tejribeler barada pikir alyşdylar.








