Makalalar

Bitaraplyk - türkmen diplomatiýasynyň ösüşleriniň esasy sütüni

Bitaraplyk - türkmen diplomatiýasynyň ösüşleriniň esasy sütüni

Mälim bolşy ýaly, eziz Duýarymyz dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ýaly dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşlere beslenip asuda geljege bakan ynamly ädimler bilen öňe barýar. Watanymyzyň durnukly ösüşi onuň Bitaraplyk daşary syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edilip, Garaşsyz Watanymyza hemişelik Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 agza döwletler tarapyndan biragyzdan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek biragyzdan kabul edilmegi buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde dürli mazmunly çäreler, duşuşyklar, maslahatlar geçirilip ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Bu ýyl hem ýurdumyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip ykrar edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça şu günlerden uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk berkitmek döwletimiziň halkara giňişliginde alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugrudyr. Döwletimiz ösüş we parahatçylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegi, adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegi, saglygy goraýyş, bilim, jemgyýet goraglylygy we beýleki ugurlar boýunça meseleleri çözmegi maksat edinýän halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

                                                                                                                                                                                                        Gülçemen PARAHADOWA,

                                                                                                                                             TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Soňky goşulanlar