Şu ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň toý-dabaralaryna beslenen günlerde geçen şol mejlisde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy—parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. Bu hoş habar halkymyzyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy, halkymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşdirdi. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň: «...bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar» diýip belleýşi ýaly, hakykatdan hem bu ajaýyp kitap merdana halkymyz üçin toý serpaýy boldy. Çünki millet üçin, nesiller üçin iň ajaýyp sowgat, iň gymmat serpaý kitapdyr.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň durmuşyň hözirini duýup, rahat ýaşamagyna, durmuşyň döredijilikli ýollarynyň üstünlige eltýändigine bolan ynamynyň pugtalanmagyna itergi berýär. Şoňa görä, Bitaraplyk diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär. Hakykatdan hem Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdyr. Ol parasatly ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, arkalaşmak, goldaşmak, adalatlylyk, ynsanpewerlik, rehimdarlyk, myhmansöýerlik we hoşniýetlilik, sahawatlylyk ýaly beýik häsiýetlerinden, belent ýörelgelerinden gözbaş alýar. Şonuň üçin Türkmen döwleti Bitaraplygyň mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitli işlerde netijeli diplomatik gural hökmünde ulanmak bilen, halkara derejesindäki ornuny barha berkidýär.
Döwlet Baştutanymyzyň 9 bölümden ybarat bolan täze kitabynda türkmen Bitaraplygynyň özboluşly taryhy yzarlanylýar, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti giňden beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynyň «Parahatçylyk we ynanyşmak—döwrüň derwaýyslygy» atly bölüminde bolsa Türkmen Bitaraplygynyň häzirki wagtda dünýä syýasatyna ýetirýän oňyn täsirleri beýan edilýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady ähmiýeti örän uludyr. Ol ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýardam berýär. Döwletimiziň Bitaraplygy ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin, işewürlik üçin amatly şertleri döredýär, maýa goýumlary çekmäge we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty ekologik ugry hem öz içine alýar. Ýurdumyz howanyň üýtgemegine we daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy ählumumy tagallalara jogapkärçilikli gatnaşyjy bolup durýar. Halkara ekologiýa konwensiýalaryna gatnaşmagy we «ýaşyl» başlangyçlary ilerletmegi Türkmenistana geljegi nazarlaýan döwlet hökmünde abraýyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň «Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty» we «XXI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy» atly bölümlerinde halkara giňişlikde ýurdumyzyň milli bähbitleriniň netijeli durmuşa geçirilişi barada söhbet edilýär. Bu bähbitler ählumumy parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we durnukly ösüş ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda, özi-de diňe bir milli çägiň däl, sebitiň, dünýä döwletleriniň ykdysady ösüşine, halklarynyň medeni ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirlerini ýetirjek döwletli işleri esasynda örän ynamly gadamlar bilen barýar. Şol işlere, şol ösüşlere obasenagat toplumy hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy hem eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boldy.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,4 göterime deň boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden ajaýyp kitaby döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakynda gymmatly maglumat çeşmesidir. Ol dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler üçin, şol sanda obasenagat toplumynyň işgärleri üçin-de, gymmatly gollanmadyr. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!


