Güneşli Diýarymyzda täze senagat we önümçilik ähmiýetli desgadyr binalaryň gurulmagy, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, tehniki binýadynyň berkidilmegi we täze tehnologiýalar bilen üstüniň ýetirilmegi, hereket edýän kärhanalaryň öndürijilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegi, bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler oňyn netijeleri berýär.
Ata Watanymyzyň obasenagat toplumy hem milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, halkyň bolelin we asuda durmuşyny, azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegi, dünýäniň öňdebaryjy kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylymda gazanylan soňky tejribeleriň giň gerime eýe bolmagy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny has-da girdejili pudaga öwürmekde möhüm ädim boldy. Hususan-da, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalar, ylmy-barlaglar we sanly tehnologiýalar birleşip, oba hojalygynyň toplumlaýyn ösdürilmegine, pudakda ýola goýlan işleriň döwrebaplaşdyrylmagyna oňyn şert döredýär.
Obasenagat toplumynyň binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň goýulmagy, döwlet tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegine, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegine ýardam berýär.
Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan tehnologiýalaryň, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylmagy, «Akylly oba hojalygy» konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy, ekin meýdanlarynyň GPS (sanly dolandyrylýan ulgam) kartografiýasynyň döredilmegi, dron tehnologiýalary arkaly hasylyň ýagdaýynyň seljerilmegi, ýer kadastr ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, sanly ulgamyň ýurdumyzyň obasenagat pudagyna giňden ornaşýandygynyň, oba hojalygynyň ösüşiniň täze derejä çykýandygynyň, bu pudagyň döwrüň täze talaplaryna laýyklykda ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýlelikde, oba hojalygy diňe bir önümçilik däl, eýsem, ykdysady ulgamda durnukly ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde çykyş edýär.
Soňky ýyllarda Diýarymyzyň oba hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, tohumçylyk we seleksiýa işi gowulandyrylýar, sanly maglumat ulgamlary arkaly ýerleriň hasyllylygy we suwuň ulanylyşy gözegçilikde saklanylýar, netijede azyk bolçulygy berkidilýär. Türkmen ekerançylary dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny öndüriji kompaniýalar bolan «John Deere» we «CLAAS» kompaniýalarynyň iň täze kysymly tehnikalaryny peýdalanýarlar. Fransiýanyň “IGN FI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan sanly ýer maglumat ulgamy arkaly her bir ekerançylyk meýdany, her bir suwaryş zolagy kompýuterler arkaly gözegçilikde saklanylýar. Bu ulgam daýhanlara düýpli maglumatlary almaga, ýerleriň ýagdaýyny anyk seljermäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda öndürilýän önümleriň halkara hyzmatdaşlyk arkaly dünýä bazarlaryna çykarylmagy bilen bagly işleriň gerimi barha giňelýär. Azyk bolçulygyny üpjün etmek ýurdumyzyň oba hojalygynyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda guramanyň “Azyk we oba hojalyk guramasy” ýagny FAO bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyz 2015-nji ýylda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin FAO-nyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm düzüm bölegi bolan oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Döwletimizde 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Ýerine ýetirilen bu ajaýyp işler oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga, daýhanlaryň girdejisini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek, ýerden bol hasyl almak maksady bilen, döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikler edermen daýhanlarymyzy has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Oba zähmetkeşleri hem muňa jogap edip, ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanýarlar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, azyk bolçulygyny has-da berkitmek babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.


