Ministrlik barada

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi barada

   Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyk ylmy esasda ösdürmek, azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de berkitmek,ýer gatnaşyklary hem-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy,ösümlikleri goramak we olaryň karantini,weterinariýa babatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen,meşgullanýan edaradyr. Ministrlik oba hojalygyny ösdürmekde,ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda,azyk üpjünçiligi baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň,pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň işini utgaşdyrýar, bu ugurlarda halkara tejribesini,ylmyň gazananlaryny,öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar.
   Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip,daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak,eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek,oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
   Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça ylmyň gazananlary we öňdebaryjy tejribeler önümçilige giňden ornaşdyrylýar hem-de daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, ýurdumyzda öndürilýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberleri ýylsaýyn artdyrylýar.
   Şeýle hem, ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek,maldarçylygy alyp barmagyň ugurlaryny kämilleşdirmek,mallaryň tohumyny gowulandyrmak we olaryň önümliligini artdyrmak boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär.Häzirki döwürde ministrligiň düzüminde  Ýer serişdeleri gullugy,  Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy, Döwlet weterinariýa gullugy, Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi, Ösümlikleri goramak gullugy, Suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak boýunça merkezi direksiýasy hem-de Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag pagtaçylyk, Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutlary hereket edýär.
   Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy tohumçylyk-seçgi işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylýar. Gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň, ýokary hasylly, ir ýetişýän, kesellere, zyýanberijilere we howanyň amatsyz şertlerine durnukly täze görnüşlerini döretmek hem önümçilige ornaşdyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekinleri görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ösümlikleri we mallary goramagyň biologik usullaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Soňky goşulanlar