Täzelikler

«EXPO — 2025-däki» Türkmenistanyň diwarlygy iň halananlaryň arasynda 1-nji orunda

«EXPO — 2025-däki» Türkmenistanyň diwarlygy iň halananlaryň arasynda 1-nji orunda

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisinde öz diwarlygyny tanyşdyrar.

Türkmenistan «EXPO — 2025» sergisiniň resmi açylyş dabarasyndan bir gün soň, ýagny 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Milli gününi bellejek ilkinji ýurtlaryň biri bolar. Bu çäre «EXPO-nyň» «Ray Garden» atly Milli günler zalynda geçiriler.

Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki diwarlygynyň taslamasy «Belli Creative» dizaýn studiýasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol 3 gatdan ybaratdyr.

Bütindünýä serginiň açylyş dabarasynyň öň ýanyndaky günlerde Türkmenistanyň diwarlygy halkara media giňişliginde, aýratyn-da, sosial ulgamlarda uly seslenme döretdi. «Turkmenportal» häzirlikçe diňe «X» («Twitter») platformasynda internet ulanyjylar tarapyndan türkmen diwarlygyna berlen bahalar we dürli ugurlar boýunça düzülen reýtingler baradaky maglumatlary okyjylary bilen paýlaşýar.

Platformada iň halanan diwarlyklar boýunça dürli teswirler beýan edilýär. Olarda aglaba ýurtlaryň sergileriniň, diwarlyklarynyň Ýaponiýada ozaldan ulanylyp gelinýän tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylandygy bellenilýär. Şeýlelikde, iň halanan diwarlyklaryň arasynda 1-nji orunda Türkmenistan, 2-nji orunda Awstriýa, 3-nji orunda Azerbaýjan, 4-nji orunda bolsa Hytaý we Kuweýt bar.

Internet ulanyjylaryň köp sanlysy diňe diwarlygyň daşky görnüşine seredip, özboluşly bezegine we gurluş aýratynlyklaryna hem baha berýärler. Şeýle pikir-garaýyşlarda Saud Arabystanynyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Malaýziýanyň, Filippinleriň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň we Taýlandyň diwarlyklary ilkinji onluga mynasyp hasaplanýar.

Bütindünýä sergi açylmadyk hem bolsa, oňa gatnaşýan myhmanlaryň ýüzlerçesi sergi meýdançalaryna aýlanyp görüpdirler we öz pikirlerini sosial ulgam arkaly paýlaşypdyrlar. Şeýle teswirleriň ençemesinde: «Sergi heniz açylmadyk hem bolsa, oňa daşyndan seretmek diýseň lezzetli. Ýüzlerçe diwarlyklaryň arasynda Türkmenistanyň diwarlygy örän ýakymly, ABŞ-nyň diwarlygy bolsa gaty täsirli görünýär» diýlen pikirler beýan edilýär.

Sergi meýdançasynyň gijeki görnüşine şaýat bolan ýaponlar we Osakanyň myhmanlary Türkmenistanyň we Awstriýanyň diwarlyklarynyň dürli reňkli şöhlelere beslenen keşbini ertekiler dünýäsine syýahat diýip teswirleýärler. Şeýle-de diwarlygyň daşky bezegine gözellik berýän türkmen bedewiniň şekiliniň diwarlyga milli äheň bermekde örän ýerlikli saýlanan nyşandygyny belleýärler.«EXPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň diwarlygy türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny, baý ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýüzüne tanyşdyrar. «Turkmenportal» bolsa öz okyjylaryna serginiň açylyş pursatlaryny, Türkmenistanyň Milli gününiň wakalaryny, şol sanda türkmen diwarlygynyň millionlarça adamda galdyrýan täsirlerini yzygiderli paýlaşyp durar.

çeşme