Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Arkadag şäherinde guralan baýramçylygyň çäklerinde şäheriň «Akhan» binasyndan «Taýçanak» binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de täze gurlan «Taýçanak» atly binanyň açylyş dabarasy boldy.
Nurana şäheriň görküne görk goşan Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de «Taýçanak» atly binanyň açylyş dabaralary bu künjekde guralan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Bu ýerde çykyşlara giň orun berildi. Şol sanda medeniýet we sungat ussatlary belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
«Geljekde täze şaýoluň ugrunda şöhraty dünýä dolan bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagy häzirki nesilleriň paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna bolan sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüler» diýlip, habarda aýdylýar.