Ministirlik barada
Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de berkitmek, daşky gurşawy goramak, ýer gatnaşyklary we gidrometeorologiýa babatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, meşgullanýan edaradyr. Ministrlik oba hojalygyny ösdürmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, gidrometeorologiýa hem-de azyk üpjünçiligi baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň işini utgaşdyrýar, bu ugurlarda halkara tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar.
Ministirlik barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Oba hojalyk ministrligi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de berkitmek, ýer gatnaşyklary  babatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, meşgullanýan edaradyr.

Ministrlik oba hojalygyny ösdürmekde, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda,  azyk üpjünçiligi baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň işini utgaşdyrýar, bu ugurlarda halkara tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça önümçilige öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar we daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, ýurdumyzda öndürilýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberleri ýylsaýyn artdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, maldarçylygy alyp barmagyň ugurlaryny kämilleşdirmek, mallaryň tohumyny gowulandyrmak we olaryň önümliligini artdyrmak boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ministrligiň düzüminde Daşky gurşawy goramak gullugy, Ýer serişdeleri gullugy, Gidrometereologiýa gullugy, Döwlet weterinariýa gullugy, Döwlet karantin gullugy, Tohumçylyk hem-de sort-synag döwlet gullugy, Ösümlikleri goramak gullugy, galla önümleri, pagta hem azyk, tehniki hyzmat ediş we maldarçylyk önümçilik birleşikleri hereket edýär.

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy tohumçylyk-seçgi işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylýar. Gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň, ýokary hasylly, ir ýetişýän, kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek hem önümçilige ornaşdyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekinleri görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ösümlikleri, mallary goramagyň biologik usullaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ministrligiň welaýatlardaky galla önümleri önümçilik birleşikleri bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny wagtynda kabul edip, ýitgisiz saklaýar. Ýygnalan bugdaýyň gaýtadan işlenilmegini, un, çörek önümleriniň öndürilmegini hem-de halka ýetirilmegini guraýar.

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda hem täze önümçilik kärhanalary işe girizilýär, bar bolanlarynyň durky täzelenip, döwrebap tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň möçberleri artdyrylýar, görnüşleri köpeldilýär. Bu bolsa ilatymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga we ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga uly ýardam edýär. Şonuň bilen birlikde, dürli görnüşli we ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döreýär.

Ýer serişdeleri gullugy

Ýer serişdeleri gullugy ýurdumyzda ýer serişdeleri babatdaky bitewi döwlet syýasatyny kemala getirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar we olaryň ýerine ýetirilişini üpjün edýär. Ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna, olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar hem-de Döwlet ýer kadastryny alyp barmagy guraýar we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirýär. Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirýär. Gulluk tarapyndan häzirki wagtda Döwlet ýer kadastryny ýöretmek, suwarymly, we täze özleşdirilýän ýerleri kartalaşdyrmak, ýer serişdeleri we olaryň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň kompýuterleşdirilen ýeke-täk ulgamyny döretmek hem alyp barmak hem-de olary sanly ulgama birleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu ugurda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar we dünýäniň ösen ýurtlary bilen yzygiderli tejribe alyşylýar.