Ministirlik barada
Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de berkitmek, daşky gurşawy goramak, ýer gatnaşyklary we gidrometeorologiýa babatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, meşgullanýan edaradyr. Ministrlik oba hojalygyny ösdürmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, gidrometeorologiýa hem-de azyk üpjünçiligi baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň işini utgaşdyrýar, bu ugurlarda halkara tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar.
Ministirlik barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de berkitmek, daşky gurşawy goramak, ýer gatnaşyklary we gidrometeorologiýa babatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, meşgullanýan edaradyr.

Ministrlik oba hojalygyny ösdürmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, gidrometeorologiýa hem-de azyk üpjünçiligi baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň işini utgaşdyrýar, bu ugurlarda halkara tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça önümçilige öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar we daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, ýurdumyzda öndürilýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberleri ýylsaýyn artdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, maldarçylygy alyp barmagyň ugurlaryny kämilleşdirmek, mallaryň tohumyny gowulandyrmak we olaryň önümliligini artdyrmak boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ministrligiň düzüminde Daşky gurşawy goramak gullugy, Ýer serişdeleri gullugy, Gidrometereologiýa gullugy, Döwlet weterinariýa gullugy, Döwlet karantin gullugy, Tohumçylyk hem-de sort-synag döwlet gullugy, Ösümlikleri goramak gullugy, galla önümleri, pagta hem azyk, tehniki hyzmat ediş we maldarçylyk önümçilik birleşikleri hereket edýär.

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy tohumçylyk-seçgi işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylýar. Gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň, ýokary hasylly, ir ýetişýän, kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek hem önümçilige ornaşdyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekinleri görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ösümlikleri, mallary goramagyň biologik usullaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ministrligiň welaýatlardaky galla önümleri önümçilik birleşikleri bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny wagtynda kabul edip, ýitgisiz saklaýar. Ýygnalan bugdaýyň gaýtadan işlenilmegini, un, çörek önümleriniň öndürilmegini hem-de halka ýetirilmegini guraýar.

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda hem täze önümçilik kärhanalary işe girizilýär, bar bolanlarynyň durky täzelenip, döwrebap tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň möçberleri artdyrylýar, görnüşleri köpeldilýär. Bu bolsa ilatymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga we ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga uly ýardam edýär. Şonuň bilen birlikde, dürli görnüşli we ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döreýär.

Galla ugry

Ak bugdaýyň Watany bolan sahawatly topragymyzda öndürilýän dänäniň mukdary ýyl-ýyldan artdyrylyp, ýurdumyzda çörek önümleriniň bolçulygy döredildi. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Watanymyz bugdaý bilen diňe özüni bolelin üpjün edýän döwlet hökmünde däl, gallany daşary ýurtlara eksport edýän döwlet hökmünde-de giňden tanalýar. 

Galla önümleri kärhanalarynda öndürilýän ýokary hem-de birinji hilli bugdaý ununyň düzümine foliý turşusy bilen demir sulfatynyň garyndysyndan emele gelýän "Premiks” azyk goşundysyny goşup, ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmak işi önümçilige ornaşdyryldy.

Galla we çörek öniimleri kärhanalary tarapyndan öndürilýän un, ýarma, tüwi, çörek, bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak hem-de olara Halkara hil (ISO-9001) we iýmit howpsuzlyk (HAACP) sertifikatlaryny almak üçin Şweýsariýanyň "SGS" kompaniýasy bilen şertnamalar baglaşyldy. Ministrligiň 7 sany önümçilik kärhanasy 2017-nji ýylyň ýanwar—mart aýlarynda agzalan sertifikatlaryň eýesi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda azyk önümleriniň bolçulygyny has-da artdyrmak, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, halkymyzy ýokary hilli un önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, bugdaýy ýokary hilli saklaýan täze-täze elewatorlar, degirmenler, çörek we çörek önümlerini taýýarlanýan kärhanalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Häzirkizaman daşary ýurt tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu elewatorlar bugdaýy ýokary hilli saklamaga mümkinçilik berýär.

Oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlara dürli görnüşli, şol sanda önümçilik harajatlarynyň azaldylmagyna gönükdirilen ýeňillikleri bermek Türkmenistanyň "Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky", "Däneçilik hakyndaky" Kanunlarynda göz öňünde tutuldy. Ýurdumyzda ak bugdaýyň tohumçylygyny gowulandyrmak barada hem döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýär. “Tohumçylyk hakynda”  Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky işleriň hukuk binýadyny berkitdi. Welaýatlaryň ählisinde ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklary işleýär.

Pagta ugry

Ministrligiň welaýatlardaky pagta önümçilik birleşikleri pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, öz wagtynda pagta hasylyny kabul etmek, kabul edilýän pagta çig malynyň we ondan öndürilýän pagta önümleriniň hiline gözegçilik etmek, hasyly ýitgisiz saklap, gaýtadan işlemek, pagta önümleri bilen ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri daşarky bazarlara ýerlemek boýunça işleri ýerine ýetirýär.

Garaşsyz ýurdumyzda her ýyl pagtanyň 1 million 250 müň tonnadan gowragy öndürilýär. Öndürilen pagta hasyly Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny, azyk senagatyna degişli zawodlary çig mal bilen üpjün edýär. Pagta arassalaýjy zawodlarynda işlenen pagtanyň özümizden artýany daşary ýurtlara eksport edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere täze itergi berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi tarapyndan kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyň umumymilli maslahatdaky maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen wajyp wezipeler kesgitlendi. Şol wezipeler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleri suw bilen üpjün etmek, pudaga hususy telekeçileri çekmek bilen baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň geçen ýyl kabul eden kararyna laýyklykda 2019-njy ýyldan başlap pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alnyş bahalary ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň  2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda gol çeken “Pagtaçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny pagtaçylygyň ykdysady esasyny kesgitleýär. Önümçilik üçin örän gymmatly, uly ähmiýetli pagta hem-de pagta önümleri bilen bagly innowasion tehnologiýalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Güneşli ýurdumyzyň amatly tebigaty, toprak-howa, ýer-suw serişdeleri, Gahryman Arkadagymyzyň kärendeçi daýhanlara berýän kömek-goldawlary ýurdumyzda pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge amatly şert döredýär.

Azyk ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygy doly üpjün edildi.

Agrosenagat toplumynyň ýokary depginler bilen üznüksiz ösmegini  üpjün etmekde gazanylan üstünlikler aýdyň duýulýar. Hereket edýän kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Azyk önümleriniň jemgyýetiň üýtgäp durýan talaplarynyň ýokarlanýan isleglerine laýyk gelmegini üpjün edýän täze, häzirki zamanyň gaýtadan işleýän kärhanalary gurulýar. Azyk senagatynyň önümçilik desgalarynyň sanawynyň üstüni ýetiren, täze işe girizilen «Ahal» ösümlik ýag,  „Sumbar“ agyz suw kärhanasy, guşçylyk ferma hojalyklary, Daşoguz maldarçylyk toplumy, sowadyjy ammarlar, Serhetabat şäheriniň  et önümlerini öndürýän we Köneürgenç şäheriniň  süýt önümlerini öndürýän kärhanasy hem-de häzirki zamanyň abzallary bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik ulgamlary munuň aýdyň mysalydyr.  

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat puda­gynda täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenip, döwrebap tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli we bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegi ýola goýulýar. Bu bolsa ilatymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzda ygtybarly azyk bolçulygyny döretmäge ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde dürli görnüşli we ýokary hilli azyklyk oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberleriniň has-da artdyrylmagyna mümkinçilikler döreýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda Azyk senagaty pudagy hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Azyk senagaty pudagynyň uly mümkinçiliklerini, kuwwatyny ulanmak bilen, oba hojalyk önümleriniň, ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmegi esasynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmek, hilini, bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak, pudagyň netijeliligini, düşewüntliligini ýokarlandyrmak    ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr.

Häzirki döwürde öndürilýän önümleriň ählisi häzirki zamanyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň ilatyna hödürlenýär.

Azyk önümleriniň möçberiniň artmagy bilen, olaryň belli bir bölegini, ýagny, tomat goýultmasyny, arassalanan pagta ýagyny we beýleki birnäçe önümleri daşary ýurt bazarlarynda satmaga mümkinçilik döreýär.

Hormatly Prezidentimiz: „Biz geljekde diňe pagta we galla öndürmek bilen çäklenmeli däldiris. Gök we bakja önümlerini, dürli miweleri, şeýle hem beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagy hem öz öňümizde möhüm wezipe edip goýmalydyrys. Şoňa görä-de, bazarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek maksady bilen, her bir daýhan birleşiginde gaýtadan işleýän kärhanalary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleri döretmeli“ diýip, oba hojalyk işgärleriniň öňünde täze, uly wezipeleri goýdy.

Şol möhüm wezipelerden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Azyk senagaty pudagynda degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatyny ýylyň dört paslynda ter gök-miwe we bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin häzirki wagtda Aşgabat şäherinde hem-de Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda umumy göwrümi 11 müň tonna barabar bolan gök-miwe, bakja önümleriniň sowadyjy ammarlary gurlup, ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde eziz Diýarymyzyň dürli sebitlerinde azyk senagaty pudagyna degişli edara-kärhanalaryň gurulmagy hem-de bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň azyk üpjünçiligini has-da berkitmäge, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Tehniki hyzmat ediş ugry

Oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadyny berkitmek boýunça daşary ýurtlaryň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi artdyrylýar. Şeýle hem ýurdumyzda oba hojalyk gurallaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek işlerine aýratyn üns berilýär. Şol sanda kiçi göwrümli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ýygnap öndürmek işleri meýilleşdirilýär. Bu bolsa oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende agrotehniki çäreleri öz wagtynda we talabalaýyk geçirmäge, ýerine ýetirilýän tehniki hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga hem-de ekinlerden ýokary hasyl almaga uly ýardam eder.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşikleriniň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalary oba hojalyk tehnikalarynyň abat ýagdaýda aýawly saklanmagyny üpjün edýär hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk öniimlerini öndürijilerine önümçilik-tehniki hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylda Germaniýanyň «CLAAS» kompaniýasynyň önümi bolan sürüm, bejergi traktorlary, däne ýygýan kombaýnlary, traktora tirkelýän azallary, däne ekijileri satyn alnyp, ýerlere ugradyldy. Mundan başga-da, «John Deere» kompaniýasynyň sürüm traktorlary, däne ýygýan, pagta ýygýan kombaýnlary, traktora tirkelýän azallary, Özbegistan Respublikasynda öndürilen pagta ýygýan maşynlar, gowaça kultiwatorlary, derman pürküjileri, körek ýygýan maşynlary satyn alyndy.

Maldarçylyk ugry

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda öri meýdanlaryny suwlulandyrmak işleriniň gerimi has-da giňeldilýär, kiçi suwlulandyrýan desgalar gurulýar. Mallaryň baş sanynyň we önüm berijiliginiň artdyrylmagy maldarçylyk pudagynyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak, olaryň tohumçylyk-seçgi işlerini hem-de ýerine ýetirilýän weterinariýa hyzmatlaryny talabalaýyk alyp barmak arkaly amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylyk, guşçulyk toplumlary gurulýar, şonuň bilen birlikde-de et, süýt we ýumurtga önümleriniň öndürilişi artdyrylýar. Ilatyň bu önümler bilen üpjün edilişiniň derejesi ýokarlanýar. Bu ugurda alnyp barylýan işlere ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň giňden çekilmegi dowam etdirilýär.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşikleriniň maldarçylyk hojalyklary ýurdumyzda dowardarçylygy, düýedarçylygy ösdürmek we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça işleri alyp barýar. Öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyna we goralyşyna, öri meýdanlaryny peýdalanmagyň bellenen düzgünleriniň edara görnüşli hem şahsy taraplaryň berjaý edişine gözegçilik edýär.

Döwlet weterinariýa gullugy oba hojalyk mallarynyň, guşlaryň saklanýan, idedilýän ýerlerinde weterinariýa-sanitariýa ýagdaýlarynyň kada laýyk bolmagyna gözegçilik edýär. Adamlar we haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak hem-de adam saglygy üçin howpsuz maldarçylyk önümleriniň öndürilişine gözegçilik etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýär.

Daşky gurşawy goramak

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biodürlüligini köpeltmek, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly we rejeli peýdalanmak, şeýle hem Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Daşky gurşawy goramak gullugy ýurdumyzyň tebigy serişdelerini, tokaýlaryny, Garagum sährasynyň biologik köpdürlüligini gorap saklamak, öwrenmek, özleşdirmek, baýlaşdyrmak, rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere döwlet gözegçiligini amala aşyrýar.

Türkmenistan BMG-niň doly ygtyýarly agzasy bolandan soň birnäçe halkara tebigaty goraýyş konwensiýalaryna goşuldy. Olaryň arasynda BMG- -niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyny, Biologik dürlülik hakynda konwensiýany, BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky konwensiýasyny, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyny we onuň Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna, olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky Bazel konwensiýasyny, Suw guşlarynyň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler hakyndaky konwensiýany (Ramsar konwensiýasy), Daşky gurşawa dahylly ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligi, kararlaryň kabul edilmek işlerine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem adalatly kazyýetlige elýeterlilik boýunça konwensiýany (Orhus konwesiýasy), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany görkezmek bolar.

Ýurdumyzda tebigy baýlyk bolan biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça uly göwrümli işler, ilkinji nobatda hem, aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek we olaryň çäklerini giňeltmek arkaly amala aşyrylýar. 

Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň (AGTÝ) milli ulgamy ýer we suw serişdelerini, kenarýaka zolaklary we suwly-batgalyk ýerleri gowulandyrmaga, goramaga, rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir, bu çäreler biologik dürlüligiň goralyp saklanmagyny hem dikeldilmegini üpjün edýär. 

Dag, çöl, deňiz ýaly esasy ekoulgamlaryny öz içine alýan Türkmenistanyň AGTÝ-nyň ulgamy 9 sany döwlet tebigy goraghanany, 16 sany döwlet çäkli goraghanany hem-de 2 sany tebigat ýadygärligini özünde jemleýär we 2 152 360 gektara deň bolan ýurduň tutuş meýdanynyň 4,38 göterime golaýyny tutýar.

Ýer serişdeleri gullugy

Ýer serişdeleri gullugy ýurdumyzda ýer serişdeleri babatdaky bitewi döwlet syýasatyny kemala getirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar we olaryň ýerine ýetirilişini üpjün edýär. Ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna, olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar hem-de Döwlet ýer kadastryny alyp barmagy guraýar we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirýär. Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirýär. Gulluk tarapyndan häzirki wagtda Döwlet ýer kadastryny ýöretmek, suwarymly, we täze özleşdirilýän ýerleri kartalaşdyrmak, ýer serişdeleri we olaryň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň kompýuterleşdirilen ýeke-täk ulgamyny döretmek hem alyp barmak hem-de olary sanly ulgama birleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu ugurda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar we dünýäniň ösen ýurtlary bilen yzygiderli tejribe alyşylýar.

Gidrometeorologiýa baradaky gullugy

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy öz mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň gidrometeorologiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hakynda edýän tagallalary netijesinde ABŞ, Germaniýa, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy ýaly döwletleriň enjamlary, abzallary ornaşdyryldy. 

Gulluk ýurdumyzyň çäklerine aralaşýan ygallar, garaşylýan howa baradaky maglumatlary jemleýär, ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, ilatymyzy hem-de jemgyýetçilik guramalaryny gidrometeorologiýa baradaky maglumatlar bilen üpjün edýär. Gullugyň ähli bölümleriniň dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzyň howa ýagdaýyny, derýalaryň suwlulyklaryny, mukdaryny, derýa-deňiz suwlarynyň derejeleriniň üýtgeýşini has takyk ölçemäge, çaklamaga, howply howa hadysalary baradaky duýduryşlary öňünden bermäge mümkinçilik döredip, toplumyň işini has-da kämilleşdirmäge we taýýarlanylýan maglumatlaryň takyklygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 

Döwrebap enjamlar we programma üpjünçilikleri Hazar deňziniň gidrometeorologik häsiýetlerine gözegçilik etmekde giňden peýdalanylýar. Alnan maglumatlar Hazar deňzini öwrenmekde we maglumat toplamakda, onuň ekologik ýagdaýyna gözegçilik etmekde ulanylýar.