Gidrometeorologiýa işi daşky gurşawyň ýagdaýy hakynda maglumat almak üçin gözegçilikleri geçirmegiň, toplamagyň, howa çaklamalaryny düzmegiň, işläp taýýarlamagyň, seljermegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň toplumlaýyn ulgamydyr, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly maglumat häsiýetindäki gaýry işler we hyzmatlardyr.
Şu Kanun daýhan birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň ykdysady, hukuk hem-de durmuş esaslaryny kesgitleýär.
Şu Kanun ozon gatlagyny goramagyň, şeýle hem ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak babatda döwlet dolandyryşynyň we gözegçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ozon gatlagynyň dargamagy bilen dörän amatsyz netijelerden adamyň saglygyny we daşky gurşawy goramak maksady bilen, ozon gatlagynyň goralmagyna we onuň dargamagynyň öňüniň alynmagyna, dikeldilmegine gönükdirilendir.
Şu Kanun ösümlikleriň tohumlarynyň öndürilmegi, taýýarlanylmagy, gaýtadan işlenilmegi, saklanylmagy, ýerlenilmegi, daşalmagy we ulanylmagy, tohumçylyk ulgamynyň guralmagy we işlemegi, şeýle hem Türkmenistanda tohumçylyk babatdaky döwlet gözegçiligini amala aşyrmak babatdaky işiň hukuk esaslaryny belleýär.
Şu Kodeks tokaýlary durnukly dolandyrmak – tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak, üznüksiz köpeldip durmak, Türkmenistanyň çäginde olaryň ekologik, ykdysady we serişde potensialyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şu Kanun goralýan seleksiýanyň gazananlary babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, emläk, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly goralýan seleksiýanyň gazananlaryny döretmek, ýüze çykarmak, ösdürip ýetişdirmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan şahsy emläk däl gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şu Kanun aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni, estetiki, dynç alyş-sagaldyş we sagaldyş gymmaty bolan aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagy guramak, goramak we peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde ösümlik dünýäsiniňgoralyp saklanylmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi, onuň ekologik, ykdysady we serişdelik kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny kesgitleýär.
Şu Kanun daýhan hojalygyny döretmegiň esasy ýörelgelerini we onuň işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
Şu Kanun haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär we ýaşaýan tebigy gurşawynyň şertlerinde onuň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şu Kanun ekologiýa seljermesi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär we meýilleşdirilýän hojalyk hem-de beýleki işiň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
Şu Kanun tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdelerirejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
Şu Kanun weterinariýa işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, haýwanlary kesellerden gorap saklamak, bejermek, adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak, haýwanlaryň ýokanç keselleriniň daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagyna ýol bermezlik, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýär.
Şu Kanun maldarçylykda tohumçylyk işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum mallaryň genofonduny aýap saklamaga we artdyrmaga, olaryň önüm berijilik hilini üznüksiz ýokarlandyrmaga we gowulandyrmaga gönükdirilendir, şeýle hem tohum maldarçylygy babatda işleýän döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň işini düzgünleşdirýär.
Şu Kanun öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak, olaryň ekologik, ykdysady we serişde mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şu Kanun atmosfera howasyny hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryndan goramagyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa hem-de ilatyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
Şu Kanun ösümlikleri zyýankeşlerden, ösümlikleriň kesellerinden, şeýle hem haşal otlardan goramak babatda işi amala aşyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de hasyly gorap saklamaga gönükdirilendir.
Şu Kanun Döwlet ýer kadastry babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.
Şu Kanun ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.
Şu Kanun Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we pagta çig malynyň hem-de pagta önümleriniň dolanyşygy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şu Kanun Türkmenistanda däneli ekinleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça işiň hukuk esaslaryny belleýär.
Şu Kanun Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Şu Kanun ekologiýa auditini geçirmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de hojalygy ýörediji subýektleriň işiniň ekologiýa taýdan esaslylygynyň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Şu Kanun ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtyndaky maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.