Türkmenistanda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy

Ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary güýzlük bugdaýyň ekişiniň tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu möwsümde 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji awgustynda bolan mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2021-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.

Ekiş möwsümi bellenen möhletlerde hem-de ähli agrotehniki kadalar berjaý edilip geçirildi. Munuň özi gymmatly azyk ekininden bol hasyl alynjakdygyna güwä geçýär.

Oba hojalyk pudagynda işleýän alymlaryň bellemegine görä, ýurdumyzda güýz paslynda bugdaýyň ösmegi üçin oňaýly şertler döredilýär. Hut şu döwür bugdaýyň ösmegi üçin örän amatlydyr.

Şu möwsümde howa ýagdaýy agrotehniki babatda örän amatly boldy. Ekiş möwsümi üçin bugdaý tohumynyň ýokary hasylly hem-de kesellere durnukly görnüşleri taýýarlanyldy. Bugdaý ekişinde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap oba hojalyk tehnikalary işledildi.

Pagtaçylyk bilen birlikde, gallaçylyk hem ýurdumyzyň ekerançylyk pudagynyň strategik ugurlarynyň biridir. Ak bugdaýy öndürmek we gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän agrar syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şol goldaw bolsa obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini täze tehnikalar bilen üpjün etmekde we döwrebaplaşdyrmakda, daýhanlary mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edýän himiýa senagatynyň ösüşinde, suw üpjünçiligi meseleleriniň çözülmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy aýratynlygy olaryň düýbünden täze ykdysady şertlerde geçirilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şunda telekeçilik başlangyçlarynyň, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi hemmetaraplaýyn höweslendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Döwlete tabşyrmak üçin niýetlenen bugdaýy, pagtany we beýleki önümleri, şeýle hem gök we bakja önümlerini, ýeralmany, üzümi we miweleri ýetişdirmek üçin daýhan birleşikleriniň sürüm ýerlerinden oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şol gaznalardan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslara hem-de raýatlara ýer bölekleri 99 ýyl möhlet bilen berilýär.

Mundan başga-da, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler ýeňillikli şertlerde bank karzlaryny, şol sanda bu pudakda ulanylýan tehnikalary hem-de enjamlary satyn almak üçin karzlary alyp bilerler. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler mineral dökünleri, ýokary hilli tohumlary hem-de ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri ýeňillikli nyrhlardan alýarlar.

Giň möçberli maksatnamalary, ilkinji nobatda bolsa, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitleri tanalmaz derejede özgerdi.

Welaýatlarda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, ýokary derejede enjamlaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk we medeni merkezler, sport desgalary, nusgalyk düzüme eýe bolan döwrebap şäherçeler yzygiderli gurulýar. Munuň özi raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam edýär.

Geljek ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Ekinleriň häzirki ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermeginden ruhlanan edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bu borçnamalaryň ýene-de üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

15.11.2020