Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.
2022-nji ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan çärä Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň, bilim we ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däpde onuň şygarynda milli ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi watançylyk ruhunyň belende galmagyna we her bir raýatyň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär.
Halkymyzyň ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habaryň türkmenistanlylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilmegi bagtyýar eýýamy esaslandyran hem-de halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza belent hormatyň nyşanydyr. Bu ýere ýygnananlar Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesidigini nygtadylar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň agzybir halky bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, yhlasly zähmet çekip, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň nurana geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýanydyr hem-de döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň üstünlikleri bilen gönüden-göni baglanyşykly giň gerimli işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Täze ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň Arkadagymyz diýip ýüzlenýän milli Liderine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat duýgulary hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe ynamy beýan edilendir.
Dabara gatnaşyjylar Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň täze şöhratly işlere we beýik özgertmelere beslenjekdigini nygtadylar.
Geljek, 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmak, ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalardyr wezipeler kesgitlenildi. Çykyş edenler olaryň ählisiniň türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belläp, bu meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmakda, hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenen içeri we daşary syýasatyny, mähriban Watanymyzyň parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň ýolundaky gazananlaryny wagyz etmekde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň kabul eden Ýüzlenmesinde ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirildi.
Sungat ussatlarynyň mähriban Watanymyza, milli Liderimize — halkymyzyň Arkadagyna bagyşlanan çykyşlary ýokary watançylyk ruhuny belende göterdi. Dabaranyň çäklerinde ugurdaş sergi hem guraldy.
* * *
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hem 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygarynyň tassyklanylmagyna bagyşlandy. Dabara Hökümetiň agzalary, medeniýet ulgamynyň, ugurdaş edara-kärhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, sungat ussatlary gatnaşdylar.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly edebi-sazly çykyşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň hoşallygynyň, hormatynyň we söýgüsiniň döredijilikli beýany boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Çykyş edenler 2022-nji ýylyň şygarynyň türkmen halkynyň milli özboluşlylygyna hem-de medeni däplerine kybap gelýändigini, ynsanperwer ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, şol ýörelgeleriň bu gün hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň, döwletimiziň yzygiderli ösüşiniň esasydygyny nygtadylar. Bu ýere ýygnananlar ýylyň baş şygarynyň mazmunynda nesil dowamaty hem-de ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza çäksiz buýsanç we söýgi duýgusynda terbiýelemek baradaky pikiriň goýlandygyny aýtdylar.
Çykyş edenler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde milli medeniýetimiziň ösdürilmeginde, netijeli, döredijilikli zähmet çekmek üçin has oňat şertleriň döredilmeginde, ýaş zehinlerimiziň özgertmeler işlerine höweslendirilmeginde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň şahsy görelde görkezýändigini aýratyn nygtadylar. Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilikli aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Çärede meşhur şahyrlar, sahna ussatlary, görnükli estrada ýerine ýetirijileri çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen aýdym ýaňlandy. Bu aýdym Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ýylynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň joşgunly waspyna öwrüldi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, halkymyzyň durmuşynyň abadançylygy hem-de ata Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan köptaraply işleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreler dowam edýär.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty