Şu gün ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwletimiz daýhanlar üçin ähli şertleri döredýär. Olar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de suw bilen doly üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň sebitlerinde bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, ony ýitgisiz ýygnamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi ata Watanymyzyň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagynyň kepilidir.
Asylly däbe görä, ýerlerde galla oragyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň rowaçlygy we abadançylygy üçin Beýik Biribardan doga-dileg etdiler. Aksakgal ýaşulular: “Çäjiňe bereket!” diýen sözler bilen oraga girişdiler we nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Rowaç”, “Ýolöten-3”, “Ýolöten-1”, “Juwan”, “Watan”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Ýokumly” ýaly, ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Diýarymyz boýunça 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сlaas”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 64 sanysy işlediler. Gije-gündizleýin esasda işlediljek ýokary öndürijilikli tehnikalar ýetişdirilen bol hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, satyn alnan ýokary öndürijilikli “John Deere” we “Сlaas” kysymly galla orujy kombaýnlar telematik ulgamlar bilen üpjün edilýär.
Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat eder. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda ýola goýlar.
Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümleriniň 154-sine, elewatorlara hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 9 müň 800-den gowragy işlediler. Galla oragyna çenli degişli barlaghanalar taýýarlanylyp, olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlärler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.
Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda okuw-önümçilik maslahatlary geçirildi.
Olaryň dowamynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri barada edýän hemişelik aladasy, ata Watanymyzyň rowaçlygyna we abadançylygyna saldamly goşant goşýan ekerançylaryň mynasyp durmuşy hem-de netijeli zähmeti ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýdan bol hasyl almagyň girewidir.
Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatlary, tohumlary, mineral dökünleri, ösümlikleriň gorag serişdelerini almak üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalygy boýunça ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýy, abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Ýaşaýyş derejesi boýunça oba ýerleri şäher derejesine barha ýakynlaşýar. Mahlasy, bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de ylmyň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar.
Bu ugurda toplanan tejribä sebitde we dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy ata Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Galla oragyna badalga berilmegi mynasybetli galla meýdanlarynyň ýanynda möwsümiň başlanmagynyň hormatyna şu günki geçirilen dabaralarda sergiler ýaýbaňlandyryldy. Olarda oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle-de welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.
«Altyn asyr» elektron gazeti