Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Bu welaýatlar toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlaýar.
Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde galla oragyna ilkinji bolup başlamak hormatyna Görogly etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ekerançylary mynasyp boldular. Bu ýerde bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Hormatly ýaşulular halkymyzyň asyrlardan bäri dowam edýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan hasylyň üstünlikli ýygnalmagyny dileg etdiler. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri: “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sümmüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny kombaýnçylara berdiler.
Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, gallaçylar şonça ýerden 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar bugdaýyň sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.
2022-nji ýylyň galla oragynda ABŞ-nyň “John Deere” hem-de Germaniýanyň “CLAAS” kompaniýalarynyň kombaýnlary ulanylar. Olary dolandyryjylar tejribeli mehanizatorlardyr. Mehanizatorlaryň köpüsi ýörite hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler. Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary hemme zerurlyklar — ýangyç, çalgy-ýag serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Mehanizatorlar, sürüjiler hem-de oraga gatnaşýan beýleki işgärler üçin şunuň ýaly ýagdaýlarda hökmany bolan zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme işleri geçirildi. Meýdan düşelgelerinde olar üçin degişli durmuş şertleri döredildi. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guralar.
Meýdanlardan ýygnalyp alnan bugdaýyň kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün eder. Guradylandan we deslapky arassalanandan soň, dänäniň bir bölegi tohumlyk üçin goýlar, galan bugdaý bolsa un üçin gaýtadan işleniler, şeýle-de elewatorlarda saklamak üçin goýlar. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýyndadyr. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessin kesgitlärler.
Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna bugdaýdyr. Günbatar sebitde güýzlük bugdaý üçin 50 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin köp işler amala aşyryldy. Agrotehnikanyň kadalary takyk berjaý edildi we güýzlük bugdaýa ideg işleri ýokary derejede geçirildi.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Garagum derýasynyň boýunda ekin dolanyşygyna girizilen “Paraw” daýhan birleşiginiň meýdanlarynda galla oragyna hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berildi.
Orak möwsüminiň her gününi netijeli peýdalanmak üçin welaýatda zerur taýýarlyk işleri geçirildi. Däne orujy kombaýnlaryň onlarçasy meýdana çykaryldy. Olaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin abatlaýyş-mehaniki ulgamyň işi ýaýbaňlandyryldy, şolar ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýag serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün edildi.
Demirgazyk we günbatar sebitlerde galla oragynyň öňüsyrasynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda galla oragyny degişli derejede guramak bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy.
Maslahatlara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri baradaky hemişelik aladasy, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan ekerançylaryň mynasyp durmuşy hem-de netijeli zähmeti ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ajaýyp waka — Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary tarapyndan Watan harmanyna altyn dänäniň ilkinji tonnalarynyň ugradylmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde bugdaýly meýdanlaryň golaýynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri guraldy, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Owadan bezelen ak öýlerde dabara gatnaşyjylara toý tagamlary hödürlenildi. Estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans we folklor toparlary gallaçylar üçin ajaýyp aýdym-saz sowgadyny taýýarladylar. Türgenler hem öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnap almak wezipesini goýdy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»