Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde ýurdumyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Düýn ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegi, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary peýdalanmak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberlerini artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerini möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi.
Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bir bitewi ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Degişli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň hem-de hyzmat ediş pudaklarynyň täzeden enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşygyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri şeýle goldawyň esasy bölekleriniň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary we abzallar bilen enjamlaşdyrmak, dünýäniň belli kompaniýalarynyň öndüren bugdaý orujy we pagta ýygyjy kombaýnlary bilen üpjün etmek işinde oňyn tejribe toplandy. Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynyň, “Maryazot” we “Garabogazsulfat” önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurulmagy netijesinde, oba hojalyk pudagyny ýokary hilli mineral we himiki serişdeler bilen üpjün etmegiň ygtybarly binýady döredildi.
Häzirki wagtda pudagy tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesiniň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, innowasion esasda amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.
Milli medeniýetimiziň, gadymy ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň ruhuny özünde jemleýän bagşy-sazandalaryň çykyşlary baýramçylygyň dabarasyny belende göterdi.
Milli gymmatlyklaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi “Mekan” köşgüniň ikinji gatynda guraldy. Olar oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, iş-aladalaryny hem-de baýramçylyk dessurlaryny açyp görkezýär. Türkmen heýkeltaraşlary, suratkeşleri, zergärleri ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, Watanymyza, milli mirasymyza, ajaýyp ahalteke bedewlerine hem-de gaýduwsyz, wepaly alabaý itlerine bagyşlan iň gowy eserleri bilen serginiň döredijilik diwarlyklaryny bezediler.
“Mekan” köşgüniň mejlisler zalynyň sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen täze döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly öňe barýan ata Watanymyzy, merdana oba zähmetkeşlerini wasp etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda dabaralar Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri we telekeçiler, alymlar, bu ugur boýunça bilermenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ylmyň gazananlaryny hem-de seçgiçiligi peýdalanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza oba hojalyk işgärleri baradaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, obadyr şäherlerinde hem dabaraly duşuşyklar, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak çäreleri, konsertler, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.
«Altyn asyr» elektron gazeti