Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertleri nazara alnyp, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlandy.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň, halkymyzyň gülläp ösmegini, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag bolmagyny Beýik Biribardan diläp, ilkinji tohumy topraga atdylar. Soňra mehanizatorlara gezek berildi.

Oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde pudagyň kuwwatynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Döwrebap önümçilik we hyzmat düzümleriniň döredilmegi, ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy bu özgertmeleriň esasy ugurlarydyr.

Welaýatyň ekerançylary, esasan, pagtanyň “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “Jeýhun”, “S-4727”, “F-149”, “Ýolöten — 39” ýaly orta süýümli görnüşlerini ýetişdirýärler. Sebitde meýdanlary ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda maşyngurluşygynyň dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan tehnikalaryň uly toplumy bar. Ekijiler we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün ederler. Mundan başga-da, göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar, ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen toparlar döredildi. Umuman, bularyň ählisi geljekki hasylyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýazky ekişe badalga berilmezden öň, Daşoguz welaýatynda maslahat geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmek, degişli agrotehniki işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek, “ak altynyň” we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşigi ekişiň başlanmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreler Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda we sebitiň beýleki ýerlerinde geçirildi. Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

29.03.2023