Paýtagtymyzda DÝHG-niň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-a agza döwletleriň 20-den gowrak demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçysydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri foruma gatnaşdylar.

Forumyň maksady döwletara derejesinde demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollaryň torunyň tehnologik bitewiligini üpjün etmekden, bu düzümleri ylalaşykly ösdürmekden ybaratdyr.

Aşgabat forumy “Türkendemirýollary” agentliginiň bu Gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Forumyň köp sanly wekiliýet agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygy bellenilýär.

“Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Mejlisiň gün tertibine Guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine garamak, ýakyn ýyllar üçin Iş maksatnamsyny ara alyp maslahatlaşmak, Guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak we okatmak meseleleri girizildi. Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalaryny artdyrmak boýunça pikir alyşmalar guraldy.

Çykyşlarda bu çäräniň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň esasy agza döwletleriň biri hem-de Ýewropadan Aziýa ýük daşamakda möhüm strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistanda geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalaryny artdyrmaga hem-de ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberlerini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň ory eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen baglanyşykly hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak arkaly ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny biragyzdan öňe sürdüler. Döwletleriň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasy aýratyn orny eýeleýär.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.

15.04.2024