Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.

Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi.

Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Awtobanyň birinji böleginiň degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir.

Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder.

Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar.

Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak zerurdyr.

Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dürli ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi.

Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi.

2016-njy ýylyň şol senesinde Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän halkara başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň, Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir.

Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Täze howa menzilleri, polat ýollar, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän awtomobil ýollary, köprüler gurulýar, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär.

Türkmenistan ählumumy ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini giňeldýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Munuň özi Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulyşmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garagum sährasynyň çäginden geçýändigini bellemek gerek.

Irden hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Mary welaýatyna tarap ugur aldy hem-de biraz wagtdan soňra, Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dikuçarda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ulag düzüminiň täze desgasynyň golaýyndaky meýdançada gondy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň başlanýan ýerine geldi.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri ýygnandylar.

Dabara gatnaşýan myhmanlaryň hatarynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, beýleki hormatly myhmanlar hem bar.

Hemmeler uly ruhubelentlik we şatlyk-şowhun bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler.

Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasy üçin ýörite gurnalan mejlisler jaýyna bardy we bu ýerde çykyş etdi.

Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys.

Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Şeýle hem şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler.

Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy hem sowgat hökmünde gowşurylar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we dabara gatnaşyjylary bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar.

Şu gün ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde ýazylar.

Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigini, bu gün bolsa awtobanyň ikinji tapgyrynyň, ýagny Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanmaga berilýändigini, täze ýoluň ugrunda ençeme döwrebap desgalaryň bina edilendigini, ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini aýtdy.

Bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr.

Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirjek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer.

Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder.

Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer.

Türkmenistan döwletimiziň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Biz geljekde-de Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu gün Mary şäherinde açylyp ulanmaga berilýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Şeýle-de bu döwrebap saglygy goraýyş merkezinde enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, ilatyň saglygyny goramakda esasy merkezleriň birine öwrüljek merkeziň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada hem yzygiderli alada edilýär.

Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde bina edilen 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplumda ýaşamak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine üns çekildi.

Raýatlarymyzyň durmuş şertlerini, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler geljekde hem dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra bu ýerde görkezilen wideofilmde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly taslama baradaky maglumatlar täsirli beýan edildi.

Onda, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 109 kilometre uzaýan Tejen — Mary böleginiň gurluşygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär.

Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistik merkeze öwrülýändigini aýdyň görkezýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz düzümleýin ýol-ulag desgalaryny güwänamalaşdyrmak işine ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Ilki bilen, Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Ltd.

» kompaniýasynyň Ankaradaky (Türkiýe Respublikasy) şahamçasynyň baş direktory Jengiz Karabalyga söz berildi.

Ol Türkmenistana gelip görmäge, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de “Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin” atly halkara güwänamany gowşurmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanyň sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny, ýurduň geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüjilikli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan möhüm taryhy waka bolup geçýär.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji böleginiň hem birnäçe abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny belläp, myhman «NEC Telecommunication Ltd.

» kompaniýasynyň şu gezekki güwänamasynyň gowşurylmagynyň bu awtomobil ýolunyň gurluşygyndan başlap, häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylyşyna çenli, tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyna şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýük daşalyşyny artdyrmaga we goňşy ýurtlar bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini belläp, myhman hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny bu taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Serž Aleksis Zaslawoglou döwlet Baştutanymyzy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de täze düzümleýin desga «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamanyň gowşurylýandygy barada habar bermegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Ulag ulgamynda taslama we önümçilik, wideogözegçilik hem-de töleg ulgamlaryna hyzmat etmek boýunça ýöriteleşen kompaniýanyň alyp barýan işi bilen dabara gatnaşyjylary gysgaça tanyşdyryp, myhman täze awtomobil ýolunyň bu ugurlarda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyna, munuň, öz gezeginde, hereket howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün edýändigine ünsi çekdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagynda, Gündogar — Günbatar üstaşyr geçelgesiniň giňeldilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellän Serž Aleksis Zaslawoglou ulag-aragatnaşyk pudagynda “altyn halka” öwrüljek awtomobil ýolunyň gurluşygynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň güwänamalaşdyrmak işleri boýunça ynanylan wekili Ýadigar Gültekin çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimizi halkara ölçeglere doly laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy bilen gutlap, myhman ulag düzüminiň bu desgasynyň Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň halkara güwänamalarynyň birbada üçüsine mynasyp bolandygyny aýtdy.

Olar «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalardyr.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ulag diplomatiýasynda ähmiýetli orun eýeläp, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli çäreleri işjeň durmuşa geçirýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, ýurdumyz sebit we yklym döwletleriniň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Munuň şeýledigine uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy hem şaýatlyk edýär.

Halkara derejeli bu ýol alty sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler oturdyldy.

Awtobanyň gurluşygynda ulanylan ýol belgileridir çyzgylar halkara hem-de Ýewropa ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Zerur ýerlerde dürli desgalar, köprüler, ýerasty geçelgeler, suw geçirijiler we beýlekiler göz öňünde tutulandyr.

Bularyň ählisi Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hil we tehniki çözgütleriň Ýewropa ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýar diýip, Ýadigar Gültekin taryhy waka mynasybetli ähli türkmenistanlylary ýene-de bir gezek gutlady.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler jaýyndan çykyp, şanly waka mynasybetli, Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Welaýatyň häkimi sowgat berlen täze awtoulaglar üçin hormatly Prezidentimize sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär.

Şol pursat asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bu bölegini gurmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini bellemek gerek.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi alty sany hereket zolagyndan ybaratdyr.

Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir.

Munuň özi tehniki görkezijiler babatda dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär.

Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň, köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.

Ýol düzümi iň ýokary ülňüleri hasaba almak arkaly abadanlaşdyryldy.

Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjilerdir ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar guruldy.

Awtomobil ýolunyň ugrunda gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulandyr.

Ýol hereketi ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan, ýol gözegçilik gullugyna geçirýän üznüksiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar.

Bu ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar hem iberilýär.

Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we “Tiz kömek” merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygynyň ýörite nokatlary oturdylypdyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze bölegi açylandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobilleriň hereketine ak pata berip, ýangyç guýujy bekede tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Hünärmen ýangyç guýujy bekediň ulag serişdelerine hyzmat etmekde örän möhüm ähmiýetli desgadygyny hem-de bu täze awtomobil ýolunyň iň ýokary talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylandygyny belledi.

Tölegler elektron töleg terminallary arkaly amala aşyrylyp bilner.

Beketde ornaşdyrylan enjamlar halkara standartlara laýyk gelýär.

Hünärmen döwlet Baştutanymyza döwrebap desgany gurduryp berendigi hem-de bu ýerde işgärleriň netijeli zähmet çekmegine mümkinçilik berýän oňaýly şertleriň üpjün edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýol arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz täze awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkara ulag giňişligine işjeň goşulyşmagyna, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.

Ýolugra döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler.

Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolagçylara hyzmat etjek düşelgä gelip, bu ýerde milli tagamlaryň we balyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy hem-de aşpezleriň milli tagamlary taýýarlamakda ussatlygyna ýokary baha berdi.

Bu ýerde balyklardan taýýarlanan tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi.

Welaýatda bu ugurda iş alyp barýan kärhana öz önümleri bilen tanyşdyrdy.

Sergide balyk önümçiligi üçin iýmleriň, ter gök önümleriň, miweleriň, bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini synlamak bolýar.

Halkymyz balykdan taýýarlanan tagamlara aýratyn üns berýär.

Balyk önümleri saglyk üçin peýdalydyr.

Ýurdumyzyň bol suwly kölleri we derýalary, howdanlary, Hazar deňzi balygyň dürli görnüşleriniň gorlaryna baýdyr.

Aýdym-sazlary, tanslary öz içine alýan folklor çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň iki tarapynda medeniýet we sungat ussatlary ruhubelent çykyşlary bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wasp edýärler.

Ýolugra döwlet Baştutanymyz düzümleýin desgalary, häzirki zaman hereket howpsuzlyk we gözegçilik enjamlaryny, awtoulaglara tehniki hyzmat ediş nokatlaryny synlady.

Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, çagyl-çäge garyndysy düşelen gatlagyň galyňlygy 60 santimetre, owradylan çagyl-çäge garyndyly soňky iki gatlagyň hersiniň galyňlygy hem 20 santimetre deňdir.

Mundan başga-da, ýoluň gurluşygynda galyňlygy 22 santimetr bolan üç gat asfalt düşemek işleri ýerine ýetirildi.

Ýoluň gurluşygynda dürli köprüleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmak boýunça işler doly amala aşyryldy.

Halkara talaplary hasaba almak bilen, täze awtomobil ýolunyň ugrunda 69 sany desga, şol sanda suw geçirijiler, haýwanlary geçirmek we oba hojalyk tehnikalary üçin ötükler, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary guruldy.

Döwlet Baştutanymyz dürli ýük we ýeňil, şol sanda Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna sowgat berlen awtoulaglaryň täze ýol boýunça hereketini synlady.

Bu ýerden baýramçylyk ruhunda bezelen gelnalyjy kerweni hem geçdi.

Munuň özi ýaş çatynjalaryň bagt toýunyň we halkara ähmiýetli ýoluň açylyş dabarasynyň sazlaşygyny alamatlandyrdy.

Häzirki döwürde halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşap, öz zähmetiniň hözirini görýär hem-de şanly wakalary dabaraly ýagdaýda belleýär.

Açylyş dabarasynyň özboluşly däp-dessurlar bilen utgaşandygyny bellemek gerek.

Bu bolsa oňa aýratyn öwüşgin çaýyp, halkymyzyň täze taryhy döwürde aýratyn many-mazmuna eýe bolýan baý medeni mirasyna, gadymdan gelýän däplerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Şöhratly geçmişimiziň ýadygärlikleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolmak bilen, halkymyzyň taryhy we medeni tejribesini, türkmen döwletliliginiň şanly senelerini şöhlelendirip, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ugrunda gurnalan, baý milli däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän türkmen obasyny synlaýar.

Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda milli tagamlar taýýarlanylýar.

Halk äheňleriniň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly öwüşgin berdi.

El işine ussat gelin-gyzlarymyz toý lybaslaryny, tahýalary taýýarlap, ýüpek halylary dokaýarlar, täze keçäniň güllerini taýýarlaýarlar.

Ýaşajyk zehinler bolsa alaja örmek bilen meşgullanýarlar.

Bularyň ählisi aýdym-sazlaryň owazy, şatlykly gülki sesleri bilen utgaşýar.

Bu işlere gümra gyzlar halk we toý aýdymlaryny, läleleri ýerine ýetirýärler.

Uzak bolmadyk ýerde kerwen hatary görünýär.

Munuň özi dabara gatnaşyjylara Beýik Ýüpek ýoly döwrüne gaýybana syýahat etmäge, onuň taryhy barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Täze awtomobil ýolunyň ugrunda gadymy Gündogar bazarynyň görnüşi hem emele getirilipdir.

Bu ýerde halk senetçiliginiň dürli görnüşleri, ussat senetçileriň el işleri görkezilýär.

Olaryň ýanynda milli äheňde bezelen halylar, şaý-sepler hem orun alypdyr.

Halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylaryň töweregini şadyýan märeke gurşap aldy.

Bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen miweler, bakja önümleri halkymyzyň bolelin durmuşynyň özboluşly beýany boldy.

Gelin toýunyň dabarasy bolsa baýramçylyga aýratyn bezeg berdi.

Halkymyzda toý dabarasy hemme wagtda-da milli dessurlar bilen utgaşdyrylypdyr.

Deprekçi, tüýdükçi, gopuzçy we beýleki halk saz gurallaryny çalýan sazandalaryň owazy tansçylaryň hereketi bilen sazlaşýar.

Döwlet Baştutanymyz ýaş suratkeşleriň dürli öwüşginli eserlerini, konsert meýdançalarynda sahnalaşdyrylan çykyşlary synlady.

Çagalar aşyk, tanap çekmek, aýterek-günterek ýaly milli oýunlary uly gyzyklanma bilen oýnaýarlar.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyz we däp-dessurlarymyz möhüm ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleri döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylyp, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerinde öz beýanyny tapýar.

Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwlaýan alkyşlar ýaňlanýar.

Halkara we döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygy bilen birlikde, welaýatara, etrabara derejedäki ýollaryň gurluşygynda hem giň möçberli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Çünki ýurdumyzyň senagatynyň, oba hojalygynyň okgunly ösüşi netijeli ulag düzümi bilen hem berkidilmelidir we goldanylmalydyr.

Mundan başga-da, ýollaryň giň gerimde gurulmagy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmaga, Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň üstaşyr geçýän hereketini artdyrmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýewraziýa yklymynda möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistany iri halkara üstaşyr geçiriji döwlete öwürmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

ХХI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmek ugrunda yhlas edip gurulýan täze ýollar halklary abadan durmuşa alyp barýar.

Olar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ýakyn goňşularymyz, dünýäniň alysdaky halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem ýardam edýär.

Hemme ýerde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatyny, türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly işlerini wasp edýän joşgunly aýdymlar ýaňlanýar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara we myhmanlara berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.

17.04.2024