Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi dowam edýär

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň dördünji iş güni öz işine başlady.

Demir ýol pudagy boýunça guralýan halkara forumyň bu gününiň hem ähmiýetli meseleler boýunça işjeň ara alnyp maslahatlaşmalary özünde jemlemegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, çäräniň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr.

Aşgabat forumy «Türkmendemirýollary» agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy hem-de iri ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Şeýlelikde, geçen ýylyň 15 — 17-nji noýabrynda paýtagtymyzda «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» (CASCA+) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi.

Häzirki wagtda «CASCA+» geçelgesi 3 sebiti — Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan, Gruziýa), şeýle hem Anadoly sebitini (Türkiýe) öz içine alýar.

2023-nji ýylda Türkmenistan TRACECA ulag geçelgesini ösdürmek barada Ylalaşyga resmi taýdan goşuldy.

Bu resminamanyň maksady Ýewropa we Aziýa sebitlerinde ykdysady, söwda, ulag gatnaşyklaryny ösdürmekden, halkara ýük daşamalara ýardam etmekden, hereket howpsuzlygyny, ulag syýasatyny sazlaşykly üpjün etmekden, ulagyň aýry-aýry görnüşleriniň arasynda deňeçer bäsdeşlik ýagdaýlaryny döretmekden ybaratdyr.

Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülýändigi bellenilýär.

Bu babatda dürli hünär ukyplaryna eýe bolan demir ýol düzüminiň işgärlerine hem ýokary talaplar bildirilýär.

DÝHG agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi ertir — 19-njy aprelde tamamlanar.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk hem-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

18.04.2024