Şu gün Paýatgtymyzda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Habarda beýan edilişi ýaly, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, akademik Iwan Kuzmin bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi we obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňra geňeşiň başlygy, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk ministriniň orunbasary Wladimir Grakun çykyş edip, Arkalaşyga agza ýurtlarda seçgiçiligiň we tohumçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň oba hojalygy pudagy üçin, hususan-da, önüm öndürmekde we onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde alnyp barylýan bilelikdäki işlere işjeň gatnaşmak bilen, durnukly ösýän ýurtdugyny, öz çäginde Arkalaşygyň çäreleriniň geçirilmegine hemişe jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady.
Mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, şitilhanalaryň ýagdaýy, üzümiň we miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün etmek babatda seçgiçiligiň eýeleýän orny barada maglumatlar diňlenildi. Türkmenistanyň obasenagat pudagynda giň halkara hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga açykdygy nygtaldy. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Şunda Arkalaşygyň çäklerinde ýokary hilli we gibrid tohumlar, miweli ekinleriň, üzümiň nahallary bilen üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy. Şeýle-de oba hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we döwletara integrasiýany mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, GDA-da tohumçylygy dolandyrmak boýunça maglumat-seljeriş ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi barada bellenildi.
Duşuşykda GDA ýurtlarynda ýeralmanyň, güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň seçgiçiligi we tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, zyýankeşlere, oba hojalyk ekinleriniň kesellerine garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkalaşyga agza ýurtlarda gök-bakja ekinleriniň tohumçylyk birleşigini döretmek baradaky hasabat duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ol bu işe agza ýurtlary çekmek bilen, kuwwatly seçgiçilik-tohumçylyk pudagyny döretmäge ýardam berer.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýandygyny bellediler.
Mejlisiň barşynda duşuşygy guramaga beren goldawlary, bilelikde işlemek babatda döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk beýan edildi.

16.09.2024