TDH-niň berýän habaryna görä, «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurduň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly ýokary hilli oba hojalyk önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Halkara ylmy maslahatyň resmi açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy.